Nagmalar 2 - Mukaddes Kitap2‑nji bap 1 Men Şaronyň bägüli, dereleriň çigildemidirin. Ýigit: 2 Tiken arasyndaky çigildemdir dildarym, gyzlar içinde. Gyz: 3 Jeňňel agaçlarynyň arasyndaky alma agajy deý, ýigitleriň arasynda söýgüli ýarym. Lezzetlidir maňa saýasy onuň, miwesiniň tagamy agzymdan gitmez. 4 Ol meni meýlishana getirdi, maňa söýgi meýli bardy onda. 5 Kişmişler bilen meni güýçlendir, gurplandyr almalar bilen, çünki yşk heseri meni gaplady. 6 Sol eli kellämiň astynda, gujaklaýar meni sag eli bilen. 7 Eý, Iýerusalim gyzlary, jerenlerdir çöl marallaryndan ant içýärin: özi isleýänçä yşky oýarmaň, birahatlandyrmaň! Bahar aýdymy 8 Ýarymyň owazydyr bu! Ine, ol daglaryň üstünde bökjekläp, depeleriň üstünde towsaklap gelýär. 9 Jerene, keýik owlagyna meňzeýär dildarym. Ine, ol howlymyzyň daşynda durup, penjirelerden garaýar, gözeneklerden seredýär. 10 Söýgülim maňa şeýle diýdi: «Tur, dildarym, gözelim tur, ýör bile gideli. 11 Gyş ötdi, ýagyş-da diňdi. 12 Ýerde güller açylyp, nagma pursady geldi. Ülkämizde gumrynyň owazy eşidilýär. 13 Injir miwesini düwýär, üzümler gül açýar, hoşboý ysyny saçýar. Tur, dildarym, gözelim, ýör bile gideli». Ýigit: 14 Gaýa gowaklaryndaky, uçut kenardaky gögerçinim, jemalyňy göreýin, eşideýin seniň owazyň, şirin owazyň, jemalyň-da ajaýypdyr. Gyz: 15 Bize tilkileri, üzüm baglaryny weýran edýän tilkijikleri tutup beriň, çünki üzüm baglarymyz gül açýar. 16 Söýgülim meniňki, men-de onuňkydyryn; sürüsini çigildemleriň arasynda bakýar ol. 17 Daň atyp, kölegeler ýitýänçä, dolan yzyňa, söýgülim, Beser daglaryndaky jeren deý, keýik owlagy deý bol! |
© Mukaddes Kitap Terjime Instituty, 2016
Institute for Bible Translation, Russia