Biblia Todo Logo
Bìoball air-loidhne

- Sanasan -

Lewiler 12 - Mukaddes Kitap


12‑nji bap Dogrumdan soňky tämizleniş

1 Reb Musa şeýle diýdi:

2 «Ysraýyl halkyna aýt: „Eger göwreli aýal ogul dogursa, edil aýbaşy görýän döwründäki ýaly, ol aýal ýedi günläp haramdyr.

3 Doglan çaga sekizlenji gün sünnet edilsin.

4 Aýalyň gandan tämizleniş döwri otuz üç gün dowam eder. Ol özüniň tämizleniş döwri gutarýança, hiç bir mukaddes zada galtaşmasyn ýa-da mukaddes öýe girmesin.

5 Eger aýal gyz dogursa, ol edil aýbaşy görýän döwründäki ýaly, iki hepdeläp haramdyr. Onuň gandan tämizleniş döwri altmyş alty gün dowam eder.

6 Ogul üçinmi ýa-da gyz üçin – parhy ýok, aýal özüniň tämizleniş döwri tamamlanandan soň, ol ýakma gurbanlygy üçin birýaşar toklyny we günä gurbanlygy üçin bir kepderini ýa-da gumryny Rebbe ýüz tutulýan çadyryň agzyndaky ruhana getirip bersin.

7 Ruhany bu ýakma gurbanlyk janlysyny Rebbiň huzurynda hödür edip, ol aýaly haramlygyndan tämizlesin. Şondan soň ol aýal gan akma haramlygyndan tämizlener. Ogul ýa-da gyz dograndygyna garamazdan, çaga dogran aýal üçin kanun şeýledir.

8 Eger dogran aýalyň tokla gurby çatmasa, onda ol iki gumryny ýa-da iki kepderini – birini ýakma gurbanlygy üçin, beýlekisini günä gurbanlygy üçin getirsin. Ruhany-da ol aýaly hödür eden ýakma gurbanlygy bilen haramlygyndan tämizlesin. Şondan soň ol aýal tämiz bolar“».

© Mukaddes Kitap Terjime Instituty, 2016

Institute for Bible Translation, Russia
Lean sinn:



Sanasan