Biblia Todo Logo
Bìoball air-loidhne

- Sanasan -

Işaýa 39 - Mukaddes Kitap


39-njy bap Babyldan gelen çaparlar
( 2 Patyşalar 20:12-19 )

1 Şol döwürde Babyl patyşasy Baladanyň ogly Merodakbaladan Hizkiýa patyşanyň keselländigini we sagalandygyny eşidip, oňa wekillerinden hatlar bilen peşgeş ýollady.

2 Hizkiýa Babyl patyşasynyň wekillerini şatlyk bilen kabul etdi; olara hazynasyndaky kümşüni, altynyny, hoşboý ysly zatlaryny, gymmatbaha ýaglaryny, ýarag gorhanasyny hem-de ammarlaryndaky zatlary görkezdi. Ol köşgündäki we bütin patyşalygyndaky zatlaryň baryny wekillere görkezdi.

3 Onsoň Işaýa pygamber Hizkiýa patyşanyň ýanyna gelip, ondan: «Bu adamlar saňa näme diýdiler? Olar seniň ýanyňa nireden geldiler?» diýip sorady. Hizkiýa hem: «Olar uzak ýurt Babyldan geldiler» diýip jogap berdi.

4 Işaýa: «Olar seniň köşgüňde nämeler gördüler?» diýip, Hizkiýadan sorady. Hizkiýa: «Olar meniň köşgümdäki zatlaryň ählisini gördüler. Ammarlarymda olara görkezilmedik zadym galmady» diýip jogap berdi.

5 Onsoň Işaýa pygamber Hizkiýa şeýle diýdi: «Hökmürowan Rebbiň sözüni eşit:

6 „Bir gün seniň köşgüňdäki zatlaryň hemmesi we ata-babalaryňyň tä şu güne çenli ýygnan zatlarynyň bary Babyla äkidiler, ýekeje zat hem galdyrylmaz.

7 Seniň öz bagryňdan önen ogullaryň Babyla sürgün edilip, şol ýerde patyşanyň köşgünde agtalar bolarlar“».

8 Onsoň Hizkiýa Işaýa pygambere: «Rebbiň seniň üstüň bilen aýdan sözi ýagşy sözdür» diýdi. Hizkiýa: «Meniň döwrümde asudalyk we howpsuzlyk bolar» diýip pikir edýärdi.

© Mukaddes Kitap Terjime Instituty, 2016

Institute for Bible Translation, Russia
Lean sinn:



Sanasan