Biblia Todo Logo
Bìoball air-loidhne

- Sanasan -

Işaýa 24 - Mukaddes Kitap


24‑nji bap Reb ýer ýüzüni jezalandyrýar

1 Ine, Reb ýer ýüzüni weýran edip çolardar, ýeriň ýüzüni tanar ýaly etmez Ol, ilatyny dargadar.

2 Halkyň-da, ruhanyň-da, guluň-da, hojaýynyň-da, gyrnagyň-da, bikäniň-de, satyn alýanyň-da, satýanyň-da, bergidaryň-da, algydaryň-da, karzdaryň-da, karz bereniň-de takdyry birdir.

3 Ýer ýüzi bütinleý weýran edilip talanar. Muny Reb aýdýandyr.

4 Ýer ýüzi solýar, guraýar heläk bolup, ýitip gider dünýä; dünýäniň halklarynyň güýçlüleri heläk bolarlar.

5 Ilatlar harama çykardy dünýäni, olar kanunlardan çykdylar, parzlary saklamadylar, ebedi ähti bozdular.

6 Muňa görä dünýä lagnat ýagýar, ilaty ýazyklarynyň jezasyny çekýär, şonuň üçin ýer ýüzüniň ilaty ýanyp, gaty az adam galýar.

7 Täze şerap gutarýar, solýar üzüm agajy, ah çekýär şadyýanlar.

8 Depreklerem şat owazyny kesdi, şadyýan sesler eşidilmedi, lira sem boldy.

9 Indi aýdym aýdyp, şerap içmezler, agyzlara ajy deger içgi.

10 Weýran bolan şäher harabalykdyr, hiç kim girmez ýaly, ähli öý ýapyldy.

11 Köçelerde şerap üçin nalaşýarlar, şatlykdan nam-nyşan galmady, begenç dünýäni terk etdi.

12 Şäher harabalyk, bölek-bölekdir derwezeler.

13 Zeýtun agajy kakylanda, hasyl ýygylandan soň, artyp galan üzümler bilen näme edilýän bolsa, dünýädäki milletler bilen-de şeýle bolar.

14 Olar seslerini gataldyp, begenjine heşelle kakarlar, Rebbiň beýikligi üçin günbatardan gygyryşarlar.

15 Şonuň üçin gündogarda Rebbi öwüň, Ysraýylyň Hudaýy Rebbiň adyny şöhratlandyryň deňiz adalarynda.

16 Öwgi aýdymlary ýaňlanýar ýeriň aňry ujunda: «Dogry Bolana şöhrat!» Emma men: «Garamaňlaý, garamaňlaý! Dat günüme! Dönükler dönüklik edýärler, dönükligi çäksiz olaryň» diýdim.

17 Eý, ýer ýüzüniň ilaty, gorky, çukur we duzak başyňyzda!

18 Gorky sesinden gaçan çukura gapgarylar, çukurdan çykan duzaga düşer, gögüň penjireleri açylar, ýeriň binýatlary titrär.

19 Jaýryk-jaýryk bolar ýer ýüzi, bölek-bölek bolar ol, ýer ýüzi güýçli sarsar.

20 Serhoş kimin yraň atar ol, sakçy jaýy kimin çaýkanar, ýazyklary oňa agyr ýük bolar, ýykylar-da, soň galmaz ol.

21 Şol gün Reb gökde gök goşunlaryny, ýerde dünýäniň şalaryny jezalandyrar.

22 Ýerzemine tussag kimin toplanarlar, zyndana gabalarlar, birnäçe günden soň jezalandyrylarlar.

23 Aýyň ýüzi gyzarar, Gün utanar; Hökmürowan Reb Sion dagynda, Iýerusalimde höküm sürer, Ýaşulularynyň öňünde Öz şöhratyny görkezer.

© Mukaddes Kitap Terjime Instituty, 2016

Institute for Bible Translation, Russia
Lean sinn:



Sanasan