Biblia Todo Logo
Bìoball air-loidhne

- Sanasan -

Işaýa 15 - Mukaddes Kitap


15‑nji bap Mowaba garşy pygamberlik

1 Mowap hakyndaky pygamberlik: Hakykatdan Mowabyň Ar şäheri bir gijede harabalyga öwrülýär, Mowap weýran boldy! Hakykatdan Mowabyň Kir şäheri bir gijede harabalyga öwrülýär, Mowap weýran boldy!

2 Dibon halky aglamak üçin ybadathana, seždegählere çykýar; Mowap halky Nebo, Meýdeba üçin perýat edýär. Her kesiň başy takyrlanýar, her kesiň sakgaly syrylýar.

3 Köçelerinde jul geýinýärler, üçeklerde, meýdançalarda her kes perýat edýär, zar-zar aglaşýar.

4 Heşbon bilen Elgala nalyş edýär, sesleri Ýahasa çenli eşidilýär. Şonuň üçin Mowabyň esgerleri aglaşýar, gorkudan ýürekleri galdyraýar.

5 Ýüregim Mowap üçin nalyş edýär, gaçgaklary Sogara, Eglat Şelişiýa gaçýarlar. Olar aglaşyp, Luhutyň ýokarsyna çykýarlar. Weýrançylykdan perýat çekýärler Horonaýym ýolunda.

6 Nimrim suwlary gurady; otlar soldy, täze ot gögermedi, gök öwüsýän zat galmady asla.

7 Munuň üçin gazanan baýlyklaryny, bar toplan zatlaryny söwüt jülgesine äkiderler.

8 Agy bilen doldy tutuş Mowap ýurdy; olaryň perýady Eglaýyma, nalyşy Beýerelime ýetýär.

9 Dimonyň suwlary gandan doly, emma Men mundanam beterini getirerin Dimonyň başyna, Mowapdan gaçanlaryň, ýurduň aman galanlarynyň üstüne şir getirerin.

© Mukaddes Kitap Terjime Instituty, 2016

Institute for Bible Translation, Russia
Lean sinn:



Sanasan