Biblia Todo Logo
Bìoball air-loidhne

- Sanasan -

Эзекиел 15 - Mukaddes Kitap


15‑nji bap Peýdasyz agaç

1 Maňa Rebbiň şu sözi aýan boldy:

2 «Eý, ynsan ogly! Üzüm agajyndan, ýagny jeňňel agaçlarynyň arasyndaky üzüm şahasyndan näme edilýär? Tokaýyň ähli agaçlary bilen deňeşdireniňde, onuň peýdasy ýokdur.

3 Iş üçin ondan agaç alynýarmy? Ýa üstünden bir zat asmak üçin asgyç ýasalýarmy?

4 Ol odun hökmünde ýakylýar. Ot onuň iki ujuny ýakyp, ortasyny garaldansoň, ol derde ýararmy?

5 Abatka derde ýaramadyk zat, oda ýanyp garalansoň derde ýararmy?»

6 Munuň üçin Hökmürowan Reb şeýle diýýär: «Men tokaý agaçlarynyň arasyndan üzüm agajyny odun hökmünde nädip ýakan bolsam, Iýerusalimiň ilatyny-da şeýdip oda ýakaryn.

7 Men olardan ýüzümi öwrerin. Olar bir otdan gaçyp gutulsalar-da, beýleki bir ot barybir olary ýandyrar. Olara garşy çykanymda, siz Meniň Rebdigimi bilersiňiz.

8 Onsoň olaryň Maňa dönüklik edendigi üçin ýurdy haraba öwrerin». Muny Hökmürowan Reb diýýär.

© Mukaddes Kitap Terjime Instituty, 2016

Institute for Bible Translation, Russia
Lean sinn:



Sanasan