Eýýup 25 - Mukaddes Kitap25‑nji bap Bildadyň sözi 1 Şuwaly Bildat şeýle diýdi: 2 «Hudaý gudratly we haýbatlydyr! Gökde asudalygy berýän Oldur. 3 Goşunyny sanamaga san ýetjekmi? Güni kimiň üstüne dogmaz? 4 Ynsan Hudaýyň öňünde nädip dogry bolup biler? Ynsandan doglan nädip päk bolup biler? 5 Hatda Hudaýa Aý şugla saçmasa, ýyldyzlar Oňa öçügsi görünse, 6 onda ynsan Hudaýyň gözüne gurçukça, adamzat-da gurtça görner!» |
© Mukaddes Kitap Terjime Instituty, 2016
Institute for Bible Translation, Russia