Biblia Todo Logo
Bìoball air-loidhne

- Sanasan -

Eýýup 17 - Mukaddes Kitap


17‑nji bap Eýýup sözüni dowam edýär

1 «Ruhum syndy, günlerim tamam, maňa gabyr garaşýar.

2 Daş-töweregim ýaňsylaýjylardan doly, gözüm olaryň duşmançylygyny görýär.

3 Özüň maňa kepillik bergin, Senden başga maňa kim kepil boljak?

4 Olaryň aňyny düşünjeden gizlediň, şonuň üçin olary beýgeltmersiň.

5 Para üçin dostlaryny satýanlaryň çagalarynyň gözleri kör bolar.

6 Hudaý meni ile gep etdi, olar ýüzüme tüýkürýärler.

7 Gaýgydan ýaňa gözüm küteldi, on iki synam çöpe döndi.

8 Dogruçyl adam derdime aňk bolýar, bigünä-de hudaýsyza garşy gazap atyna atlanýar.

9 Dogruçyllar öz ýollaryny tutarlar, eli tämizleriň güýji artar.

10 Emma hemmäňiz gaýdyp gelseňiz-de, araňyzdan akylly adam tapmaryn.

11 Günlerim tamam, niýetlerim, ýürek arzuwlarym-da puja çykdy.

12 Olar gijäni gündiz edýärler, „Ýagtylyk garaňkylyga ýakyn“ diýýärler.

13 Ölüler dünýäsini öýüm dek küýsesem, düşegimi garaňkylykda ýazsam,

14 gabra: „Sen atamsyň“, gurda: „Sen enemsiň, uýamsyň“ diýen bolsam,

15 onda umydym hany? Umydymy görjek kim?

16 Umyt meniň bilen ölüler dünýäsine iner öýdýäňmi? Meniň bilen bile göre girermi?»

© Mukaddes Kitap Terjime Instituty, 2016

Institute for Bible Translation, Russia
Lean sinn:



Sanasan