Еврейлер 1 - Mukaddes Kitap1‑nji bap Ogul perişdelerden üstündir 1 Hudaý gadym döwürde ata-babalarymyza pygamberler arkaly köp gezek we dürli ýollar bilen gepledi. 2 Bu ahyrky günlerde bolsa Ol bize Öz Oglunyň üsti bilen gepledi. Ogly arkaly Hudaý älem-jahany ýaradyp, Ony ähli zadyň mirasçysy edip belledi. 3 Ogul Hudaýyň şöhratynyň ýalkymydyr, Onuň barlygynyň keşbidir. Ol bütin älem-jahany gudratly sözi bilen saklap, bizi günälerden päkländen soň, gökde beýik Hudaýyň sagynda oturdy. 4 Şeýlelikde, Oglunyň perişdelerden üstün bolşy ýaly, Oňa berlen at hem perişdeleriňkiden üstün boldy. 5 Eýsem Hudaý perişdeleriň haýsy birine: «Sen Meniň Oglumsyň, bu gün Men Saňa Ata boldum» ýa-da «Men Oňa Ata, Ol bolsa Maňa Ogul bolar» diýipdir? 6 Hudaý ýeke-täk Ogluny dünýä iberende: «Goý, Hudaýyň ähli perişdeleri Oňa sežde etsinler!» diýdi. 7 Hudaý perişdeler hakda: «Men perişdelerimi ýel edýärin, hyzmatkärlerimi ot-alaw edýärin» diýýär. 8 Emma Ogla şeýle diýýär: «Eý, Hudaý, Seniň şalygyň dowam eder baky ebedi, Seniň şalyk hasaň – adalatlylyk hasasy. 9 Sen dogrulygy söýüp, ýigrenýärsiň pisligi. Şonuň üçin Men Hudaý, Seniň Hudaýyň, Seni ýoldaşlaryň içinden seçip-saýladym, başyňa şatlyk ýagyny guýdum». 10 Ogla ýene-de şeýle diýýär: «Ýa Reb, Sen gadymyýetde ýeriň binýadyn tutduň, gökler hem Seniň elleriňiň işidir. 11 Olar ýitip gider, Sen bolsa dowam edersiň, olar köne eginbaş kimin dargap giderler. 12 Sen olary köýnek kimin düýrlärsiň; olar tozup gidýän eginbaş kimin çalşyrylar. Emma Sen hiç haçan üýtgemersiň, soňy ýokdur Seniň ýyllaryň». 13 Hudaý haýsy perişdä: «Duşmanlaryňy aýak astyna salýançam, Meniň sagymda otur» diýipdir? 14 Şeýlelikde, ähli perişdeler diňe halas boljaklara hyzmat etmek üçin iberilýär. |
© Mukaddes Kitap Terjime Instituty, 2016
Institute for Bible Translation, Russia