Biblia Todo Logo
Bìoball air-loidhne

- Sanasan -

2 Salonikliler 1 - Mukaddes Kitap


1‑nji bap

1 Atamyz Hudaýyň we Rebbimiz Isa Mesihiň Salonikidäki imanlylar ýygnagyna Pawlus, Silwan we Timoteosdan dogaýy salam!

2 Atamyz Hudaýyň we Rebbimiz Isa Mesihiň merhemeti, parahatlygy size ýar bolsun!


Geljek höküm

3 Eý, doganlar! Siziň imanyňyz gitdigisaýy ösýär, biri-biriňize bolan söýgiňiz dolup-daşýar. Şoňa görä-de, biz elmydama Hudaýa şükürler etmelidiris. Bu örän ýerliklidir.

4 Biz Hudaýyň ýygnaklarynyň arasynda siz babatda magtanýarys. Sebäbi siz yzarlanyp, görgi baryny görseňiz-de, imanda berk durup, olaryň ählisine çydaýarsyňyz.

5 Hudaýyň adalaty şu görýän görgüleriňiz arkaly aýan bolar: siz Hudaýyň Şalygyna mynasyp saýylarsyňyz, sebäbi siz şonuň ugrunda görgi görýäňiz ahyryn.

6 Hudaý adalatlydyr. Ol size jebir çekdirýänlere jebir berer,

7-8 emma jebir çeken size biziň bilen bile rahatlyk berer. Bu zatlar Reb Isa Öz perişdeleri bilen ot-ýalyn içinde gökden peýda bolan mahaly bolar. Rebbimiz Isa Hudaýy tanamaýanlary we Özi baradaky Hoş Habara gulak asmadyklary jezalandyrar.

9 Olar Rebbiň huzuryndan we Onuň gudratynyň şöhratyndan mahrum edilip, baky heläkçilik jezasyny çekerler.

10 Rebbiň saýlap-seçenleri bolsa Onuň geljek şol gününde Rebbi şöhratlandyrarlar. Iman edenleriň ählisi Rebbi beýgelderler. Bulara siz hem degişlisiňiz, sebäbi siz özüňize edilen şaýatlyklara ynandyňyz.

11 Şoňa görä-de, biz elmydama siziň üçin doga-dilegler edýäris: goý, Hudaý sizi Öz çagyryşyna mynasyp saýsyn; goý, ähli ýagşy niýetleriňizi we imanyňyzyň gönükdiren her bir işini Hudaý Öz gudraty bilen amala aşyrsyn.

12 Biz Hudaýymyzyň we Rebbimiz Isa Mesihiň merhemetine görä, siziň Rebbi şöhratlandyrmagyňyz üçin, Onuň-da sizi şöhratlandyrmagy üçin şu doga-dilegleri edýäris.

© Mukaddes Kitap Terjime Instituty, 2016

Institute for Bible Translation, Russia
Lean sinn:



Sanasan