Biblia Todo Logo
Bìoball air-loidhne

- Sanasan -

1 Salonikliler 3 - Mukaddes Kitap


3‑nji bap

1 Biz didaryňyzdan mundan artyk mahrum bolmaga çydaman, Afinyda ýeke galmagy makul gördük.

2 Siziň ýanyňyza bolsa Mesihiň Hoş Habaryny ýaýratmak üçin Hudaýyň hyzmatynda egindeşimiz bolan Timoteos doganymyzy iberdik. Biz muny sizi imanyňyzda berkitmek, ruhlandyrmak üçin,

3 muşakgatlar zerarly siziň hiç biriňiz imandan dänmesin diýip etdik. Ýöne özüňiz bilýänsiňiz, bu muşakgatlar Mesihe iman getirenleriň başynda bardyr.

4 Biz muşakgat çekjekdigimizi heniz ýanyňyzdakak öňünden aýdypdyk. Bilşiňiz ýaly, şeýle hem boldy.

5 Şoňa görä-de, mundan artyk çydap bilmän, imanyňyzdan habar almak üçin, men Timoteosy ýanyňyza iberdim. Çünki azdyryjy şeýtanyň haýsydyr bir ýol bilen sizi azdyryp, azabymyzyň biderek bolaryndan gorkdum.


Salonikiden gelen oňat habarlar

6 Emma ýanyňyzdan şu pursat gelen Timoteos siziň imanyňyz we söýgiňiz barada oňat habarlar getirdi. Ol bizi hemişe ýagşylykda ýatlaýandygyňyzy, sizi göresimiziň gelşi ýaly, siziň-de bizi gaty küýseýändigiňizi gürrüň berdi.

7 Şoňa görä-de, eý, doganlar, ähli muşakgatlarymyza we yzarlanmalara garamazdan, siziň imanyňyzdan teselli tapdyk.

8 Siziň Rebde berk durmagyňyz indi janymyza jan goşýar.

9 Biz Hudaýymyzyň öňünde siz sebäpli örän şatlandyk. Siziň üçin Hudaýa näçe şükürler aýtsagam azdyr!

10 Biz didaryňyzy görmek we imanyňyzyň artmagy üçin, gije-gündiz erjellik bilen doga-dileg edýäris.

11 Indi bolsa size tarap ýolumyzy, goý, Atamyz Hudaýyň Özi hem-de Rebbimiz Isa açsyn.

12 Biziň sizi söýşümiz ýaly, goý, Reb biri-biriňize, ähli adamlara bolan söýgiňizi artdyryp, pürepür etsin.

13 Rebbimiz Isa Öz ähli perişdeleri bilen bile gelende, Atamyz Hudaýyň öňünde aýypsyz we mukaddes bolup bileriňiz ýaly, goý, Ol ýürekleriňizi kuwwatlandyrsyn.

© Mukaddes Kitap Terjime Instituty, 2016

Institute for Bible Translation, Russia
Lean sinn:



Sanasan